BILIM

Türkmenistan bilen “Huawei” emeli aň we IT boýunça hünärmenleri taýýarlar

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen “Huawei” kompaniýasynyň Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Sýu Haýyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar sanly bilim, emeli aň, maglumat tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar öň bellenilen hyzmatdaşlyk ugurlarynyň, şol sanda emeli aň boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek baradaky başlangyçlaryň möhümdigini tassykladylar.

Huawei ICT Academy maksatnamasynyň çäklerinde okuw, sertifikasiýa we tejribe mümkinçilikleriniň giňeldilmegi aýratyn bellenildi. Bu ulgam başlangyç, hünär (professional) we bilermen (ekspert) derejelerinde halkara derejesinde ykrar edilýän bilim we başarnyklary üpjün edýär.

Duşuşygyň netijesinde aşakdaky ugurlar boýunça ylalaşyklar gazanyldy:

Halkara derejesinde ykrar edilýän sertifikatlary almak üçin synagy tabşyrmaga ygtyýar berýän wauçerlerini ýokary okuw mekdeplerine bermek mümkinçiligini öwrenmek;

Huawei ICT Academy babatda hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasynda alyp barmak;

Emeli aň boýunça öňdebaryjy okuw materiallaryny türkmen diline terjime etmek;

Bilim maksatnamalaryny zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk getirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek;

Huawei ICT Academy tarapyndan hödürlenilýän öňdebaryjy okuw kurslaryny ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalarynyň çäklerinde ulanmak meselesini öwrenmek.

Şeýle hem halkara bäsleşiklere gatnaşmagyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Taraplar hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we amaly ädimlere geçmek barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Hytaýly mugallymlar Türkmenistanyň 3 ýokary okuw mekdebinde işleýärler

Tatarystanyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Makul Sözlük: diller arasynda ygtybarly köpri

Dr.Döwran Orazgylyjov

Samarkantda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» uniwersitetleriniň kongresi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly okuwçylar halkara matematika olimpiadasy 29 medal gazandylar

TOHU-da brendleriň psihologiýasy boýunça açyk sapak geçirildi