BIZNES

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

Türkmenabat şäherinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan Lebap welaýatynyň Farap etrabynda täze, döwrebap söwda bazarynyň gurluşygyny amala aşyrmagyň teklip edilýändigi bellenildi.

Sanly ulgamyň ösdürilmegi bilen, elektron söwdanyň, eltip bermek hyzmatlarynyň gerimi giňelýär. Welaýat boýunça Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalaryna degişli söwda, önümçilik, jemgyýetçilik iýmiti nokatlarynyň jemi 860-sy hereket edýär.

Lebap welaýatynyň çäginde Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda 6 önümçilik kärhanasy, dokma önümleri ýerlenilýän söwda dükanlarynyň 5-si işleýär. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň garamagynda Halaç etrabyndaky çeper halyçylyk kärhanasy, onuň 4 önümhanasy hereket edýär. Sebitiň çäginde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli önümçilik, söwda, hyzmatlar ulgamynda kärhanalaryň 79-sy bar. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagy bilen, Lebap welaýatynda hususy ulgama degişli 12 önümçiligiň işe girizilmegi, olarda täze iş orunlarynyň 311-siniň döredilmegi meýilleşdirilýär.

Wise-premýer bu ugurdaky işleri dowam etdirmek maksady bilen, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan Lebap welaýatynyň Farap etrabynda täze, döwrebap söwda bazarynyň gurluşygyny amala aşyrmagyň teklip edilýändigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär