BIZNES

Şwesiýada elektronika isleg ýokarlandy

Şwesiýanyň käbir elektronika hyzmatlary gulluklarynyň habar bermegine görä, ýurtda kompýuter we onuň kömekçi enjamlarynyň söwdasy ýokarlandy. Ol hem koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen baglanyşyklydyr.

Adamlaryň öýden işlemäge mejbur bolansoň, elektron enjamlaryna isleg artdy. Elektron enjamlaryny satmakda ýöriteleşen bölek satuw zynjyrlarynyň birinde satuwlar 1500 % ýokarlandy. Bu barada Şwesiýanyň “Sveriges Radio” habar gullugy habar berdi.

– Öý ofisine degişli ähli harytlara islegiň ýokarydygyny görýäris. Noutbuklar, printerler, iş stollary, web kameralary, monitorlar, klawiaturalar, nauşnikler we beýleki enjamlar barada gürrüň gidýär  – diýip, “Net On Net” kommunikasiýa kompaniýasynyň menejeri Kristina Wýarmare gürrüň berdi.

“Iň uly ösüş nauşnik satuwynda amala aşyryldy. Diňe adamlar asuda ofis şertlerinde däl-de, öý şertlerinde işlemeli. Garnituranyň satuwy 1500 % ýokarlandy “-diýip, Şwesiýanyň “Elgiganten” kompaniýasynyň baş direktory Niklas Eriksson aýtdy.

Related posts

Şu gün dünýä belli içginiň döredilen güni

Türkmenistan İhale ilanları artık Atavatan Türkmenistan’da

vepa

Türk şirketinin kurduğu gübre fabrikası ihracata başladı

vepa