SPORT

Halkara Çempionlar kubogy ýatyryldy

Dünýäde dowam edýän koronawirus ýokanjy sebäpli dürli derejedäki sport bäsleşikleri ýa yza süýşürilýär ýa-da ýatyrylýar. Şeýle ýagdaýlaryň ýene-de biri futbolda amala aşdy. 2020-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulan Halkara Çempionlar Kubogy ýaryşy ýatyryldy.

Bu barada internet ulgamy arkaly berlen beýanatda, koronawirus epidemiýasynyň müňlerçe adama täsir edendigi üçin çuňňur gynanç bildirildi.  Beýanatda oýunçylaryň, tälimçileriň, janköýerleriň we ýaryşa gatnaşjaklaryň hemmesiniň saglygy we howpsuzlygy diýseň möhümdigi bellenilip geçildi.

Ýewropanyň futbol çempionatlarynyň we UEFA-nyň ýaryşlarynyň awgust aýynda tamamlanjakdygy göz öňünde tutulyp, tomus paslynda geçirilmegi meýilleşdirilen Halkara Çempionlar kubogyny geçirmegiň mümkin däldigi we onuň ýatyrylandygy mälim edildi.

Dünýäniň öňdebaryjy futbol toparlarynyň gatnaşýan we mundan ozal 7 gezek geçirilen taýýarlyk ýaryşynyň 2021-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri