SPORT

Ronaldoly Portugaliýa Milletler ligasynyň kubogyny gazandy

Kristiano Ronaldoly Portugaliýanyň milli ýygyndysy Milletler ligasynyň final duşuşygynda Ispaniýanyň ýygyndysyndan üstün çykyp, 2-nji gezek bu kubogyň eýesi boldy. Duşuşyk Germaniýanyň Mýunhen şäherinde geçirildi.

Final duşuşygynyň esasy we goşmaça wagtlary 2:2 hasabynda tamamlandy. Ispaniýanyň ýygyndysyndan Martin Subimndi we Mikel Oýarsabal tapawutlandy. Portugaliýanyň ýygyndysynyň düzüminde bolsa, Nunu Mendeş we Kristiano Ronaldo derweze gol gönükdirdiler.

Şeýlelikde, 2019-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän Milletler ligasynyň ýaryşynda Portugaliýanyň ýygyndysy 2-nji gezek bu kubogy gazandy. Portugallar ilkinji bolup, ýagny 2019-njy ýylda hem bu kubogyň eýesi bolupdy.

Ispan milli ýygyndysy 3-nji gezek bu ýaryşyň final duşuşygynda ýeňlişe sezewar bolýar. Ispanlar 2021-nji ýylda Fransiýadan, 2023-nji ýylda Horwatiýadan ýeňlipdi.

Related posts

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

“Barselona” 4 futbolçysy bilen hoşlaşýar

Ata Watan Eserleri

Arda Güler sebäpli toparyň baş lukmany işden çykaryldy