JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministri Erik Stýuart bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň  kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Söwda-ykdysady ulgam, ýangyç-energetika pudagy, ulag we aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamy we beýlekiler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem söhbetdeşler kiberhowpsuzlyk, ýaşyl tehnologiýalar we bilim ýaly möhüm ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garadylar. «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň işine we onuň döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky ornuna aýratyn üns berildi.

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Hökümetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür düzümleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ygrarlylygyny beýan etdi. Şunda, amerikan kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryny ösdürmäge goşan köpýyllyk oňyn goşandy bellenildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegine özara gyzyklanma bildirdiler.

Related posts

Dalaşgär-2026: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Türkmenistan ve Azerbaycan : Üst düzey görüşme başlıyor

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti BSSG Baş direktory bilen onlaýn duşuşyk geçirdi

Dr.Döwran Orazgylyjov