SPORT

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy CAFA-nyň çempionatyna gatnaşar

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary (U20) 10-17-nji iýun aralygynda Täjigistanyň Gissar hem-de Tursunzade şäherlerinde geçiriljek Merkezi-Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň çempionatynda çykyş eder.

CAFA-nyň çempionatyna Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparyndan başga Täjigistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň hem-de Owganystanyň ýaşlar ýygyndylary hem gatnaşarlar. Geçiriljek bije çekişligiň netijesinde toparçalaryň ikisi emele geler.

Halkara ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, duşuşyklary aýlaw görnüşinde geçiriljek toparçalaýyn bäsleşigiň ýeňijileri finalda, ikinji orny eýelänler bolsa üçünji orun ugrunda güýç synanyşmaga mümkinçilik alarlar. Şeýle-de, çempionatyň çäginde bäşinji orun ugrundaky duşuşyk hem geçiriler.

Çempionatyň duşuşyklary Gissar şäheriniň “Merkezi” hem-de Tursunzade şäheriniň “TALKO-Arena” stadionlarynda geçiriler.

Döwletmyrat Annaýewiň tälimçiligindäki (Daýanç Garajaýew-tälimçi, Merdan Saparow-derwezeçileriň tälimçisi) ýaşlar ýygyndy toparymyz halkara ýaryşyna taýýarlygyň çäginde Özbegistanyň Buhara şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirendigini bellemek gerek.

 

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy