DÜNÝÄ

Halkara Zähmet guramasynyň baş direktory Aşgabatdaky foruma çagyryldy

Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Halkara Zähmet guramasynyň 113-nji Halkara zähmet maslahatyna gatnaşdy.

Şonuň çäklerinde türkmen wekiliýeti Halkara Zähmet guramasynyň baş direktory Žilbert F. Hungbo bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda türkmen wekiliýeti Halkara zähmet guramasynyň baş direktoryna şu ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma gatnaşmak üçin resmi çakylygyny gowşurdy.

Halkara Zähmet guramasynyň baş direktory çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyna, hususan-da pagta ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi.

Halkara Zähmet guramasynyň 113-nji Halkara zähmet maslahatynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti guramanyň baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Beate Andres bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 3-14-nji iýun aralygynda geçirilýän 113-nji Halkara zähmet maslahatyna gatnaşýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy