SPORT

Iň köp gol geçiren – Jeými Wardi

Angliýanyň “Premier Liga” milli futbol çempionaty koronawirus ýokanjy sebäpli yglan edilen arakesmeden soňra täze başlap, ahyrynda tamamlandy. 30 ýyldan soňra “Liwerpul” topary çempion boldy.

Çempionatyň iň köp pökgi geçiren futbolçysy “Lester Siti” toparynyň oýunçysy Jeými Wardi boldy. Ol ilkinji gezek şeýle ýokary derejä mynasyp boldy. Wardi çempionatyň 35 duşuşygynda 23 gezek tapawutlandy. Ol “Arsenal” toparynyň hüjümçisi Pýer-Emerik Obameýangdan (22 gol), “Sautgempton” toparynyň hüjümçisi Denni Ingzden (22 gol) öňe saýlandy.

“Altyn aýakgap” baýragyna mynasyp bolan Jeými Wardi şol bir wagtda bu derejä eýe bolan iň ýaşy uly futbolçylaryň biri boldy. häzirki wagtda Wardi 33 ýaşynda.

Mundna ozal bu rekord bir döwür “Çelsi” toparynda oýnan Didier Drogba degişlidir. Ol 32 ýaşynda “altyn aýakgap” baýragyny gazanypdy.

Iň köp pökgi geçirenleriň sanawynda ilkinji bäşlige gören futbolçylar: “Mançester Siti” toparyndan Rahim Sterling (20 gol) we “Liwerpul” toparynyň hüjümçisi Mohammed Salah (19 gol).

Ýene-de okaň

Neýmar milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady

Erling Holand gollaryň sanynda Messi we Mbappe bilen deňleşdi

Norwegiýa Braziliýany ýeňip, taryhy üstünlik gazandy

Angliýanyň ýygyndysy 1/4 finala çykdy

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri