SPORT

Çempionlar ligasy: sişenbede ispan, çarşenbede iňlis toparlary şowsuzlyga uçrady

UEFA-nyň Çempionlar ligasynda çärýek finalyň duşuşyklary tamamlandy. Sişenbe we çarşenbe günleri geçirilen duşuşyklarda, belki futbol hünärmenleriniň hem-de janköýerleriniň garaşmadyk netijeleri gazanyldy.

Sişenbe güni geçirilen duşuşykda ispan toparlary şowsuzlyga uçrady. “Barselona” topary ilkinji duşuşykda Fransiýanyň “PSŽ” toparyny 3:2 utandygyna garamazdan, jogap duşuşykda öz meýdançasynda fransuz toparyndan 4:1 hasabynda utuldy.

Başga bir ipsna topary bolan “Atletiko Madrid” bolsa, öz meýdançasynda, Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparyny 2:1 hasabynda utupdy. Jogap duşuşygynda bolsa, german topary Madridiň güýçli toparyny 4:2 hasabynda utup, ýarym finala çykdy.

Şeýlelikde, ýarym finalda “PSŽ” bilen “Borussiýa Dortmund” duşuşar.

Çarşenbe güni geçirilen duşuşykda bolsa, iňlis toparlary şowsuzlyga uçrady. Geçen ýylyň çempiony “Mançester Siti” topary ýaryşdan çykdy. “Real Madrid” topary öz meýdançasynda 3:3 hasabynda oýnan, myhmançylykda 1:1 hasabynda tamamlanan duşuşykda, iňlis toparyny 11 metrlik jerime urgylary bilen ýeňdi.

Angliýanyň “Arsenal” topary öz meýdançasynda Germaniýanyň “Bawariýa” topary bilen 2:2 hasabynda deňme-de dň oýnapdy. Ýöne üstümizdäki ýyl çempion bolmakdan mahrum galan Tomas Tuheliň şägirtleri “Bawariýa” topary “Arsenaly” 1:0 hasabynda utdy.

Şeýlelikde, ýarym finalda “Real Madrid” bilen “Bawariýa” duşuşar.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy