DÜNÝÄ

Özbegistanyň Prezidenti Täjigistanda döwlet saparynda bolar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 18-19-njy aprelde Täjigistanda döwlet saparynda bolar. Bu saparyň çäklerinde ýokary derejedäki gepleşikleri geçirmek, şeýle hem birnäçe bilelikdäki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Esasy üns söwda senagatym oba hojalygy, energetika, ulag we beýleki pudaklardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna berler.

Şeýle hem Özbegistanyň we Täjigistanyň Liderleri halkara we sebit gün tertibiniň meseleleir boýunça pikir alşarlar.

Gepleşikleriň jemleri boýunça köp sanly resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Related posts

Dünýäde adamlara dakylýan iň meşhur 10 adam ady: Makul Intellekt habar berýär!

Türkmenistan-Pakistan: energetika hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler