Waşingtonda Amerikanyň we Özbegistanyň işewürlik we maýa goýum geňeşiniň mejlisi geçirildi. Bu geňeş iki ýurduň telekeçileriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin döredilen meýdança bolup durýar.
Geňeşiň mejlisine özbek tarapyndan Özbegistan Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa hem-de ameirkan tarapyndan ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Serjio Gor gatnaşdy.
Geňeş bilelikdäki işewürlik başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin berk institusional esas döretmegi maksat edinýär. Duşuşygyň netijesinde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitleýän özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.
Geňeşiň döredilmegi Özbegistan bilen ABŞ-nyň Prezidentleriniň arasynda ýokary derejeli ynamyň netijesi bolup durýar.
Ilçi Serjio Goruň bellemegine görä, soňky bir ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlary Merkezi Aziýada strategiki hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça köp işleri durmuşa geçirendigini belledi.
