BIZNES

Türkmen-mongol işewürler forumy geçirildi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-mongol işewürler forumy geçirildi.

Forumda Türkmenistan bilen Mongoliýanyň ykdysady ýagdaýyna syn berildi we azyk senagaty, oba hojalygy, dokma we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.

Türkmen tarapy bu forumyň çäklerinde  milli amaly-haşam sungatynyň sergisi we türkmen halysynyň sergi-ýarmarkasy geçirildi. Türkmen we mongol taraplary dokma pudagyndaky özara tejribe alyşdylar.

Şeýle hem iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň arasynda özara duşuşyklar geçirildi. Söwda, maýa goýum we bilelikdäki taslamalar boýunça pikir alşyldy.

Bu forum işewürleriň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk binýadyny döretmek üçin uly itergi berdi.

Related posts

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar berkeýär

Türkmen-eýran söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Türkmenistan’da 53 milyar dolarlık inşaat projesi hayata geçiyor

vepa