MEDENIÝET

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

Çak Norris 86 yaşyndady, 10-njy martda ol özüniň iň soňky doglan gününi belläpdi. Düýn agşam onuň Gawaýi adalarynda hassahana ýerleşdirilendigi mälim boldy we şol gün hem aktyor aradan çykdy. Aktyor we söweş sungatynyň ussady Çak Norrisiniň aradan çykandygyny onuň maşgalasy “Instagram” jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.

Dünýä belli aktýor Çak Norris 19-njy martda irden aradan çykdy. Ol 86 yaşyndady. Çak Norrisi dünýä meşhur eden zat, 1993-nji ýyldan 2001-nji ýyla çenli “CBC” kanalynda ýaýlyma berlen “Krutoy Uoker: Tehas adalatlylygy” serialyndaky Kordell Uoker keşbi bolupdy.

Ol şeýle hem köp sanly filmlerinde surata düşdi. Onuň dünýä belli ýyldyzlar, şeýle hem hytaýly meşhur aktýor Brus Li bilen surata düşen filmleri kino muşdaklarynyny özüne bendi edipdi.

1960-njy ýyllaryň ahyrynda Çak Norris karate, tekwando, dzýudo we jiu-jitsu sportlaryny birleşdirýän “çunkundo” diýip atlandyran öz hususy söweş stilini işläp düzdi we patentleşdirdi.

2015-nji ýylda bu tilsim “Çak Norrisiň tilsimi” diýlip atlandyrylypdy. Ol: “Söweş sungaty akyl, psihologiki we emosional taýdan berkitýär” diýýärdi.

Ýene-de okaň

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi

Çary Berdiýew Russiýadaky kinofestiwalda baş baýraga mynasyp boldy

«Magtymguly Pyragy» filmi Russiýada baýraga mynasyp boldy