MEDENIÝET

Hytaýyň «Bagt» teleserialy türkmen tomaşaçylaryna hödürlener

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen «Naqada» şereketiniň arasynda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäginde Hytaýyň «Bagt» teleserialy we «Gaýtgyn» atly resminamalaýyn filminiň üç bölümi türkmen diline terjime edildi. Olar türkmen teleýaýlymlaryna 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda çykarylar.

2021-nji ýylda türkmen tomaşaçylaryna «Biziň ýaşlarymyz» atly başga bir hytaý serialy hödürlenipdi. Bu seriala «Miras» we «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynda tomaşa edilipdi.

Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Related posts

Orazgül Gurdowa 70 ýaşady

Ata Watan Eserleri

2023-nji ýylyň ýanwary: esasy çäreleriň meýilnamasy

«Magtymguly Pyragy» filmi Russiýada baýraga mynasyp boldy