JEMGYÝET

Türkmenistanda Oraza baýramynyň hormatyna baýram namazy okaldy

Şu gün ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda hem-de Arkadag şäherlerinde mübärek Remezan aýynyň tamamlanmagynyň hormatyna Baýram namazy okaldy.

Oraza baýramynyň bu däbi esasynda, ir säher bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerindäki metjitler köpadamly boldy. Uludan-kiçi hemmeler agzybirlik bilen baýram namazyny okadylar.  Onda okalýan aýat-töwürleriň üsti bilen mähriban Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly dileglere aýratyn ähmiýet berildi.

Şeýle hem Remezan aýynda berjaý edilen amallaryň, berlen agzaçar sadakalarynyň we doga-dilegleriň kabul bolmagy dileg edildi.

Baýram namazynyň ahyrynda türkmen halkynyň taryhy ýolunyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň barha rowaç almagy we ýurdumyzyň parahatçylygy, abadançylygy ugrunda yzygiderli tagalla edýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Ýurdumyzda şanly senelere beslenen Oraza aýy tamam boldy. Goý, bu aýyň dowamynda millionlarça ýürekden syzylyp çykan süýji arzuw-niýetler bagtyýar günlerimizde hasyl bolsun! Baýramyňyz mübärek bolsun, eziz ildeşler!

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň halkara atçylyk toplumyna baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Hytaýly atşynaslar Türkmen bedewiniň milli baýramyna çagyryldy

Dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutlaýarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidentini syýasy ulgamdaky özgertmeleri bilen gutlady

Ata Watan Eserleri