Bu gün siziň üçin örän şowly geçer. Irden öz güýjüňize bolan ynamy duýarsyňyz we islendik wezipäniň hötdesinden gelmäge taýýardygyňyza düşünersiňiz. Siz çalt, anyk we netijeli hereket edersiňiz, hatda kärdeşleriňizi kyn ýagdaýa salan işleri hem aňsatlyk bilen çözersiňiz. Ýolbaşçylar we töwerekdäkiler siziň ukybyňyza we hünärmenligiňize hökman üns berer we şonuň üçin başlangyç görkezmekden hem-de jogapkärçiligi öz üstüňize almakdan çekinmäň.Eger siz öňki tanyşlaryňyza, pudakdaş kärdeşleriňize ýa-da hünär meseleleriňizi çözmekde peýdaly bolup biljek adamlara özüňizi ýatlatmak islän bolsaňyz, günüň birinji ýarymy munuň üçin örän amatlydyr. Şeýle hem täze tanyşlyklar edinmek mümkinçiligini elden bermäň, sebäbi olar geljekde uly ähmiýete eýe bolar.Günüň ikinji ýarymy hem şowly geçer. Ähtimal, size täze taslama gatnaşmak ýa-da üýtgeşik we geljegi uly bolan bir topara goşulmak teklip ediler.
Şu gün sizden sabyrlylygy we işlere çynlakaý çemeleşmegi talap eder, emma munuň öwezine örän gymmatly netijeleri berip biler.Siz geljekki wakalaryň gidişine täsir etjek kararlary kabul etmeli bolarsyňyz, şonuň üçin muňa jogapkärli çemeleşmek gerek.Howlukmaň, aljyramaň we töwerekdäkileriň sizi ýalňyşdyrmagyna ýol bermäň.Başgalaryň maslahatyna gulak asman öz içki duýgyňyza we aklyňyza bil baglamagyňyz has gowudyr.Siz öz ýagdaýyňyzy herkime garanyňda has gowy bilýärsiňiz, şonuň üçin dogry ýoly hut öz içki sesiňiz görkezer.Günüň ikinji ýarymynda işde ujypsyz kynçylyklar ýüze çykyp biler, ýöne olar siziň üçin çynlakaý böwet bolmaz.Öňki toplanan bilimleriňiz we tejribäňiz ýagdaýa çalt uýgunlaşmaga we dogry çözgüdi tapmaga kömek eder.Tabşyryk ilki başda çylşyrymly ýaly görünse-de, özüňize bolan ynamyňyzy ýitirmäň.Meseläniň düýp mazmunyna arkaýyn düşünip başlasaňyz, onuň çözgüdi öz-özünden tapylar.
Siziň üçin örän amatly gün garaşýar. Başga biriniň işi öz eline almagyna garaşman, başlangyç görkeziň. Soňky wagtlar size binjalyk eden we çözülmesi mümkin däl ýaly görünen meselelerde uly özgerişlikleri amala aşyryp bilersiňiz. Bu işlere çynlakaý çemeleşseňiz, hemme zadyň nähili çalt düzelişine özüňiz hem haýran galarsyňyz.Kärdeşleriňiz, ýolbaşçylaryňyz we işewür hyzmatdaşlaryňyz bilen aňsatlyk bilen umumy dil taparsyňyz. Hatda ýaňy-ýakynda size bäsdeş bolan adamlar hem şu gün garaşylmadyk ýagdaýda siziň tarapyňyza geçip bilerler. Bu ýagdaýa geň galmaň we ondan bir kemçilik gözlemäň, sebäbi siziň ynamyňyz we açyklygyňyz adamlara örän oňat täsir edýär. Hünär gatnaşyklaryňyzy berkitmek üçin şu pursatdan peýdalanyň.Günüň ikinji ýarymy ýakyn adamyňyz bilen gürleşmek size mähir we şatlyk getirer.
Işleriňiziň köpüsi şowly bolar we munuň saýasynda möhüm maksatlaryňyza ýetmek üçin amatly pursat dörär.Eýýäm birnäçe wagtdan bäri garaşýan pul serişdeleriňiziň gelip gowuşmagy ähtimaldyr.
Maliýe meselelerini çözmek, geleşik baglaşmak ýa-da uly satyn alyşlary amala aşyrmak üçin bu gün örän amatlydyr.Möhüm iş duşuşyklarynda siz özüňizi iň gowy tarapdan görkezmegi başararsyňyz.Ýolbaşçylar we işewür hyzmatdaşlar siziň işeňňirligiňize hem-de ukybyňyza ýokary baha bererler.Täze başlangyçlar we çylşyrymly wezipeleri öz üstüňize almakdan hiç wagt çekinmäň.Hünär ugruny üýtgetmek ýa-da wezipäňizi ýokarlandyrmak isleýän bolsaňyz, bu gün täze başlangyç bolup biler.Günüň ikinji ýarymynda maşgala agzalaryňyzy begendirmek üçin ýakymly pursatlar we hoş habarlar garaşýar.Günüň dowamynda alnan täzelikler diňe size däl, eýsem ýakynlaryňyza hem degişli bolar.Siziň işjeňligiňiz we tutanýerliligiňiz töwerekdäkilerde uly gyzyklanma döreder.Agşamara maşgala gatnaşyklaryny berkitmek we ýakynlaryňyz bilen wagtyňyzy hoş geçirmek üçin amatlydyr.
Bu gün ýönekeý we çaklamaly gün diýip bolmaz, emma onuň esasy gymmatlygy hem hut şundadyr. Siz öň hiç haçan etmedik işiňize girişmeli bolarsyňyz.Emma buny ýeke öziňiz etmeli bolmarsyňyz dostlaryňyz we ygtybarly kärdeşleriňiz ýanyňyzda bolarlar we zerur bolsa goldaw bererler. Olaryň gatnaşmagy we beren maslahatlary size has batyrgaý hereket etmäge hem-de tanyş däl ýagdaýlarda hem dogry kararlary kabul etmäge kömek eder.Günüň ikinji ýarymy gowy habarlaryň we ruhlandyryjy täzelikleriň gelmegi ähtimaldyr.
Bu gün size şatlyk üçin köp sebäp getirer. Siziň kesgitli we tutanýerli hereketleriňiz öň çylşyrymly ýa-da töwekgelçilikli bolup görünýän işleriň hötdesinden gelmäge kömek eder. Uly göwrümli taslamalara girişmekden we batyrgaý pikirleri orta atmakdan gorkmaň, çün bu pursat munuň üçin iň amatly wagtdyr.Hünär derejesinde oňyn meýilleriň täsiri örän güýçli bolar. Kärdeşleriňiz we ýolbaşçylaryňyz siziň başlangyjyňyza ýokary baha bererler, bäsdeşleriňiz bolsa siziň ynamly hereketleriňize garşy durmaga taýýar bolmazlar. Şahsy durmuşda hem ähli zat sazlaşykly bolar.
Bu gün kyn bolar, ýöne hiç hili umytsyz däldir. Siz başgalaryň belliklerine gaty garşylyk görkezip, netije çykarmaga howlugyp ýa-da gahar-gazap bilen karar kabul edip bilersiňiz. Iş meselelerinde aýratyn seresaply boluň. Pikirlenmek üçin sarp edilen birnäçe minut hem gereksiz ýalňyşlyklaryň öňüni almaga, wagtyňyzy we nerwiňizi tygşytlamaga kömek eder.Günüň birinji ýarymynda ýalňyşlyga ýol beren bolsaňyz hem, ony boýun almaga we düzetmäge siziň hem halallygyňyz, hem-de gaýratyňyz ýeter. Kärdeşler we hyzmatdaşlar munuň ýaly çemeleşmä ýokary baha bererler, şonuň üçin abraýyňyza hiç hili zyýan ýetmez. Günüň ikinji ýarymy size ýakyn adamlaryňyzyň goldawy aýratyn gerek bolar we siz ony hökman alarsyňyz. Öz biynjalyklyklaryňyz barada gürrüň bermekden, sizi nämäniň howsala salýandygyny aýtmakdan çekinmäň. Ýürekden edilen sypaýy gürrüňdeşlik diňe bir dartgynlygy aýyrman, eýsem gatnaşyklaryňyzy berkitmäge, olary has mähirli we ynamly etmäge kömek eder.
Bu gün şowly gün bolar. Irden siz ruhlanmagy we pikirleriňiziň aýdyňlaşandygyny duýarsyňyz. Kelleňize täze, adaty bolmadyk pikirler geler, üstesine-de bular ýönekeý hyýallar däl, eýsem gyssagly durmuşa geçirip boljak anyk çözgütlerdir. Kärdeşler hyzmatdaşlar we pikirdeş adamlaryňyz size kömek etmäge taýýar bolar şeýle hyzmatdaşlyk bolsa ajaýyp miwesini berer. Öz pikirleriňizi ara alyp maslahatlaşmakdan bilelikdäki hereketleri hödürlemekden çekinmäň. Bilelikde siz uzak wagtlap çözülmedik ýaly görünýän meseleleriň hötdesinden gelip bilersiňiz.Emma günüň ortalaryna golaý ýagdaý birneme üýtgär. Binjalyk bolmaga sebäpler ýüze çykyp biler. Ilkinji garaýyşda howsalaly görünýän habarlary almagyňyz mümkindir. Ilkinjiden duýgylaryňyza boýun egmezlige we howlukmaç netije çykarmazlyga çalşyň. Bolup geçýän wakalara arkaýyn düşünip başlanyňyzda, ýagdaýyň ilki görünşi ýaly çynlakaý däldigine göz ýetirersiňiz.
Bu gün siziň üçin täze mümkinçilikleriň we özüňizi görkezmegiň güni bolar. Irden siziň işjeňligiňiz we pikirleriňiziň aýdyňlygy töwerekdäkileri haýran galdyrar. Ýygnanyp galan çylşyrymly meseleleri çözmek üçin iň amatly pursat geler, şonuň üçin özüňize bolan ynamyňyzy ýitirmäň. Kärdeşleriňiz we ýolbaşçylaryňyz siziň başlangyjyňyza ýokary baha bererler.Günüň ikinji ýarymynda maşgala gatnaşyklaryna we ýakynlaryňyz bilen geçiriljek wagta has köp üns beriň. Eger öňden bäri çözülmän galan kiçijik düşünişmezlikler bar bolsa, häzir olary parahat ýagdaýda ýola goýmak üçin ajaýyp wagt. Maliýe meseleleriňizde seresaply boluň we uly harajatlardan saklanyň. Günüň ahyrynda dynç almak we ertirki gün üçin güýç toplamak möhümdir.
Günüň başy aňsat bolmaz. Ujypsyz düşünişmezliklere we meýilnamalaryňyzdaky garaşylmadyk üýtgeşmelere taýýar boluň. Öňünden bellän zatlaryňyz başga ýol bilen gidip biler, şonuň üçin gynanmagyň ýerine, çeýe bolup, täze şertlere çalt uýgunlaşmak has gowudyr. Uýgunlaşmak ukybyňyz günüň birinji ýarymynda siziň esasy utuş gazanan ýeriňiz bolar.Iş meselelerinde seresaplylygy elden bermäň. Möhüm resminamalara gol çekmäge geleşikleri baglaşmaga we şübheli kärhanalara pul goýumlaryny etmäge howlukmaň. Pul bilen baglanyşykly islendik karary pursadyň täsirinde däl-de, düýpli seljermeden soň kabul etmek has dogrudyr.Günüň ikinji ýarymy ep-esli ýeňillik getirer. Işleriňiziň şowly gidip, meseleleriňiziň çalt çözülýändigini we gowulanýandygyny duýarsyňyz. Bu wagt täze zada başlamak ýa-da öňki meýilnamalaryňyza gaýdyp gelmek üçin ajaýyp wagtdyr.
Bu gün siziň üçin täze pikirleri durmuşa geçirmek we döredijilik ukybyňyzy görkezmek üçin amatly pursat bolar. Işde we hünär derejesinde siziň garaýyşlaryňyz kärdeşleriňiziň we ýolbaşçylaryňyzyň ünsüni özüne çeker. Ýöne köpçülikleýin işlerde ýokary netije gazanmak üçin biraz sabyrly bolmagyňyz we töwerekdäkiler bilen umumy dil tapmagyňyz talap ediler.Günüň ikinji ýarymynda özüňiz hakda we geljekki meýilnamalaryňyz barada oýlanmaga wagt tapyň. Şahsy durmuşyňyzda ýakyn adamlaryňyzyň goldawyny duýarsyňyz, bu bolsa sizi ruhlandyrar. Maliýe meselelerinde seresaply boluň we ähtimal bolmadyk töwekgelçilikli ýerlere maýa goýmakdan saklanyň. Günüň ahyrynda arassa howada gezim etmek ýa-da söýgüli işiňiz bilen meşgullanmak size rahatlyk berer.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
