SIZDEN GELENLER

Nebitgaz pudagy: ykdysady syýasatyň esasy ugry

Ýangyç gorlaryna baý ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işläp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň eksport kuwwaty ýylsaýyn ýokarlanýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklar pugtalandyrylýar we giňeldilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan energiýa strategiýasy halk hojalygynyň öňdebaryjy pudaklaryndan biri bolan nebitgaz toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendir.  Bu ugurda amala aşyrylýan özgerişlikleriň üstünligine 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça görkezijiler-de şaýatlyk edýär. Şeýle hem üstümizdäki ýylda pudagy ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan uly işler nebitgaz pudagynda täze ösüşleriň gazanylmagyna itergi berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde tassyklanan «Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin durmuş-ykdysady ösüşiniň we maýa goýum maksatnamasyna» laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyndaky iri taslamalary durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi.

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda esasy üns Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň bir bölegi bolan «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan Serhetabat–Hyrat geçirijisiniň gurluşygyna gönükdiriler.

Şeýle-de, «Galkynyş» gaz käninde ulanyş guýularyny burawlamak işleri, täze nebit we gaz ýataklaryny ýüze çykarmak hem-de olaryň gorlaryny artdyrmak maksady bilen, ýurduň çäklerinde gözleg we çuň guýulary burawlamak işleri dowam etdiriler.

Umuman alanyňda, 2026-njy ýyl üçin maksatnama «Türkmenistanyň 2022–2052-nji ýyllar üçin durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasynda» bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini nazara alyp taýýarlanyldy. Ol döwlet býujetiniň görkezijilerine, önümçilik we maliýe meýilnamalaryna esaslanýar. Şu ýyl üçin bellenen wezipeleriň amala aşyrylmagy ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge, işjeň maýa goýum syýasatyna, pudaklara häzirki zaman sanly tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine we raýatlaryň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder.

Ählumumy ösüşiň diňe bir ykdysady jähetleri babatda däl-de, eýsem, halkara syýasy gatnaşyklarda-da uglewodorod çig mallaryň dolandyrylyşynyň, esasan hem, eksportynyň kähalatlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerine öwrülmek mümkinçiligi aradan aýrylmaýar. Şoňa görä-de, uglewodorod çig mallary we olardan öndürilýän önümler strategik ähmiýeti bilen aýratyn tapawutlanýar.

Nebitgaz bilen üpjünçilik ykdysady howpsuzlyk bilen bagly ugur hasaplanýar we uglewodorod çig mallaryny eksport edýän ýurtlar üçin hem, sarp ediji ýurtlar üçin hem ýangyjyň dünýä bazaryndaky ýagdaýy, global ykdysadyýetiň ösüş derejesi uly ähmiýete eýedir.

Ylmyň, tehnologiýanyň yzygiderli ösýän şertlerinde, nebitgaz toplumynyň önümçilik pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak meseleleri-de milli ykdysadyýeti ösdürmegiň gün tertibinde durýar. Hormatly Prezidentimiz ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda önümçilige sanly ulgamy ornaşdyryp, nebitgaz toplumynyň önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, pudaga daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmegiň zerurlygyny nygtaýar.

Nebitgaz toplumynyň möhüm önümçilik düzümleri Balkan, Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda möhüm ykdysady pudaklar hökmünde hereket edýärler we bu toplumyň çygryna girýän uglewodorod çig mallaryny gazyp çykarmak, gaýtadan işlemek, önümleri daşamak, ýerlemek, gaz geçirijileriň içerki we eksport ulgamlarynyň işini ýola goýmak, maýa goýumlaryny özleşdirip, täze ýangyç ýataklaryny ýüze çykarmak, bu pudagy maliýe taýdan dolandyrmak ýaly, köpugurly ykdysady işi netijeli alyp barmak üçin her ugur boýunça ýokary taýýarlykly hünärmenleriň zerurlygy öz-özünden düşnüklidir. Bu işlere sanly ulgamyň, ösen tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy netijesinde, hünärmenlere bildirilýän talap hem ýokarlanýar. Ýangyç-energetika boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňelmegi, ýurdumyzda bu ugurda halkara taslamalaryň amala aşyrylmagy pudagyň hünärmenleriniň täze neslini ýetişdirmegi talap edýär. Şunda diňe bir önümçiligi dolandyrmakda däl-de, dünýä ykdysadyýetiniň ýangyç-energetika ugrunyň ösüşlerini seljermäge ukyply, daşary ýurt dillerini bilýän giň gözýetimli ýaşlary terbiýelemek hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Nebitgaz ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara tejribeden ugur alnyp, okatmagyň häzirki zaman usullaryny we nou-haulary ornaşdyrmak, milli hünärmenleri dünýäniň ösen tejribesine we standartlaryna laýyklykda okatmak, daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenlerini bu işe çekmek ugrunda zerur tagallalar edilmelidir» diýip belleýär. Şeýle hünärmenleri taýýarlamakda ýurdumyzyň Halkara nebit we gaz uniwersiteti esasy ylym ojaklarynyň biridir.

Aýnur Sopyýewa, 

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3 NGPYD B toparynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Ýylymyzyň şygary-ýolumyzyň çyragy

Döredijilik äleminiň gapysy: surat we çyzuw

Türkmen dili-milli guwanjymyz we ruhy hazynamyz

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur