DÜNÝÄ

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

2026-njy ýylyň 13-nji martynda Pekin şäherinde üstümizdäki ýylyň 28-30-njy aprelinde Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň goldaw bermeginde Daşary ýurtlarda telekeçiligi ösdürmek boýunça hytaý assosiasiýasy tarapyndan guraldy.

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçisi P.Durdyýew öz çykyşynda Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerini giňişleýin beýan edip, makroykdysady görkezijileriň durnuklylygyny hem-de daşary ýurt hyzmatdaşlary üçin döredilen giň ýeňillikleri aýratyn belläp geçdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri çig maly gaýtadan işlemek we eksport etmek, ulag we logistika, şeýle hem Hytaýyň Türkmenistanyň üsti bilen geçýän üstaşyr geçelgelere goşulyşmagy ýaly esasy pudaklarda anyk mysallary we ileri tutulýan taslamalary hödürlediler.

Forum hytaýly telekeçileriň türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik beren göni gepleşikler sessiýasy bilen tamamlandy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar