DÜNÝÄ

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Aşgabatdaky ulag forumyna çagyryldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk müdirliginiň başlygy, ilçi Atageldi Haljanow Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad M. Han bilen duşuşdy. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistandaky Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini bellän ilçi Haljanow guramanyň Baş sekretary Asad Hany paýtagtymyz aşgabatda 26-27-nji noýabrda geçiriljek «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly III halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

2024-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen bolan duşuşygynyň ähmiýetini bellän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad M. Han Türkmenistanyň guramanyň başlangyçlaryny goldamakda hem-de gatnaşmagda işjeň orun alýandygyny belledi.

Duşuşykda guramanyň käbir sebitleýin başlangyçlary hususan-da, ulag, energetika we daşky gurşaw boýunça öňe sürýän başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Türkmenistan ve Belarus ortak bir iş forumu düzenleyecek

vepa

Ýaşamak üçin iň gowy şäherler

vepa

ABŞ Döwlet Departamenti C5+1-nyň 10 ýyllygyna bagyşlanan Merkezi Aziýa Işewürlik Maslahatyny geçirer