DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-nyň Ilat we ösüş boýunça toparynyň 56-njy mejlisine gatnaşýar

2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde BMG-nyň Ilat we ösüş boýunça toparynyň 56-njy mejlisi BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda başlandy. Oňa Türkmenistanyň Statistika baradaky Döwlet komitetiniň ilat statistika bölüminiň başlygy J.Pygamowa gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekilhanasynyň resmi internet sahypasy habar berýär.

14-nji aprele çenli dowam etjek mejlisiň çäklerinde ýokary derejeli umumy debatlary, ministrleriň tegelek stollaryny, ilat we ösüş bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri boýunça beýleki maslahatlary geçiriler.

Türkmenistanyň wekiliýeti umumy debatlaryň dowamynda eden çykyşynda ýurduň milli tejribesini we ilat babatynda gazananlaryny açyp görkezdi, şeýle hem bu ugurda sebit we ähliumumy derejede köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin birnäçe teklipleri beýan etdi.

Ylaýta-da, Türkmenistanyň hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamlaýyn edaralarynyň 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwyny guramak we üstünlikli alyp barmak boýunça bilelikde ýerine ýetiren işleri bellendi.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy