JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we eýran halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýiniň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Watan” habarlar gepleşigine bellenilip geçilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna medet beriji sözlerini beýan etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy merhumyň jaýynyň jennet, ýatan ýeriniň ýagty bolmagyny dileg etdi.

 

Related posts

«Sonic the Hedgehog» 31-nji martda sanly görnüşde

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ilham Aliýewi Türkmenistana çagyrdy

Türkmenistan Rejep Taýyp Ärdogany parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlemegi teklip edýär