JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan göni we “swap” tebigy gazyny eksport etmäge taýýar

Ozal hem habar berşimiz ýaly,  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda saparda boldy. Örän uly wakalara hem-de netijeliligi bilen häsiýetlenen saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Han bilen söhbetdeş boldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

“Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Han Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowdan energetika pudagyndaky ösüşler boýunça garaýyşlary boýunça sowallar bilen ýüzlendi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň örän uly gorlaryna eýedigini, tebigy gazyň bar bolan we tassyklanan möçberi boýunça 4-nji orny eýeleýändigini belledi.

Türkmenistanyň özüniň örän oýlanyşykly energetika strategiýasyny işläp düzendigini, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde köpugurly gepleşikleri ýola goýandygyny belläp, bu ugurda birnäçe kararnamalaryň awtordaşy bolandygyny, ilkinji kararnamanyň 2008-nji ýylda kabul edilendigini, şoldan bäri tebigy gazy öndüriji, üstaşyr geçiriji we sarp edijileriň bähbitleriniň täze özboluşly häsiýete eýe bolandygyny belledi.

Şeýle hem geoykdysady ýagdaýlaryň hem nazara alynýandygyny bellän türkmen halkynyň Milli Lideri bir döwür tebigy gazyň uly möçberiniň Russiýa gönükdirilýändigini, bu ýurda her ýyl 40 milliard kubmetre çenli tebigy gazyň iberilýändigini, häzirki wagtda tebigy gazyň esasy sarp edijisi Hytaý döwletidigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri diwersifikasiýa häsiýetindne ugur alnan halatynda, Türkmenistan göni ýa-da “swap” arkaly Eýrana, Azerbaýjana, Gazagystana, Özbegistana we beýleki ýurtlara elýeterli ýagdaýda eltip bilinjekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň häzirki wagtda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan iri gaz geçirijisi taslamasyny amala aşyrýandygyny belläp, häzirki wagtda “Arkadagyň ak ýoly” ugry bilen ösdürilýändigini we ony ABŞ-nyň goldaýandygyny belledi.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan taslamasy syýasy durnuklylygy, ykdysady abadançylygy we maýa goýumlar babatda özüne çekijiligi bolan örän uly taslamadygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan taslamasy gyzyklanma bildirýän kompaniýalar üçin açykdygyny belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy amerikaly hyzmatdaşlaryň bu taslama gatnaşmak mümkinçiligine umyt bildirýändiklerini belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan “Transhazar” gaz geçirijisine çynlakaý garaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-da Erik Stýuart bilen duşuşdy

Arkadag şäherinde we Awaza döwrebap golf meýdançalary gurlar

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna: Rumyniýada okamak üçin resminamalar kabul edilip başlanýar

Aşgabatda geçirilen maslahat Türkmenistanyň diplomatiýasynyň barha artýan ornuny tassyklady

Türkmen ýaşlary Rumyniýanyň uniwersitetlerine okuwa iberiler

Ata Watan Eserleri