Hamal (Guzy 21.03 — 20.04)
Möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaly bolsaňyz, munuň üçin günüň birinji ýarymy has amatlydyr. Bu wagt hem işewürlik, hem şahsy söhbetdeşlikler üçin örän netijeli bolar. Hatda size hiç meňzemeýän adamlar bilen hem dil tapyşmak aňsat düşer. Käbir Hamallara duýgurlygy  täze tanyşlarynyň niýetini aňmaga kömek eder, bu bolsa ýalňyşlyklardan gaça durmaga mümkinçilik berer.Günüň dowamynda gündelik işlere we ýönekeý wezipelere üns bermeli bolarsyňyz. Döredijilikli çemeleşmegi halaýan Hamallar ownuk ýalňyşlyklary goýbermekleri mümkin. Agşam bolsa aktiw dynç almak, göwün açyjy çärelere gatnaşmak üçin amatlydyr.
Sowur (Öküzçe 21.04 — 20.05)
Soňky döwürde köp güýç sarp eden işiňize ünsüňizi jemläň. Bu gün ony üstünlikli tamamlamagyňyz, hatda garaşanyňyzdan hem gowy netije almagyňyz mümkindir. Şeýle hem günüň dowamynda şowly pursatlar köp bolar. Ownuk kynçylyklar ýüze çyksa-da, olary çalt çözersiňiz. Tutanýerliligiňiz size islendik päsgelçiligi ýeňmäge kömek eder.Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklarda düşünşmezlikler peýda bolup biler. Geçmişdäki öpke-kineler ýatlanyp bilner. Möhüm gürrüňleri başga wagta goýan Sowurlar üçin  ylalaşyk gazanmak kyn düşer.
Jöwza (Ekizekler 21.05 — 21.06)
Ähli möhüm işleri günüň başynda bitirmäge çalşyň. Siziň oýlap tapyjylygyňyz we döredijilikli çemeleşmeňiz işleri garaşanyňyzdan hem çalt tamamlamaga mümkinçilik berer. Täze taslamalara başlamak üçin hem gowy wagtdyr. Maslahat berjek adam tapylmasa-da, içki sesiňize bil baglaň.Günüň ortasy has asuda geçer. Guramaçylyk işlerine üns beriň. Eger ünsüňizi bölmeseňiz, hemme zada ýetişersiňiz. Agşama agyr we ýadowly işleri meýilleşdirmäň, size dynç almak gerek bolar.Dostlaryňyz we ýakynlaryňyz bilen düşünişmezlikler bolmagy mümkin. Parahatlygy saklamaga we dawa-jenjele goşulmazlyga çalşyň.Gatnaşyklary bozmazlyk üçin sabyrly bolmak möhümdir.
Seretan (Leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün ýyldyzlar siziň tarapyňyzda bolar. Käbir Seretanlar möhüm iş taslamalaryna başlap, özlerini iň gowy tarapdan görkezip bilerler. Bu bolsa täze hyzmatdaşlaryň  tapylmagyna getirer.Şeýle hem  uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk tekliplerine garaşyň.Garaşylmadyk gepleşikler hem şowly tamamlanyp biler. Siziň özüne çekijiligiňiz iň keçjal adamlary hem yryp biler. Iş saparlary, hatda iň soňky pursatda meýilleşdirilen bolsa-da, şowly bolar.Güniň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen wagt geçirmek üçin örän amatlydyr. Dostlar bilen duşuşyk ýa-da romantik duşuşyk size ýakymly täsirler bagyşlar. Köpden bäri görmedik tanyşlaryňyzdan hoş habar gelmegi mümkin.
Eset (Ýolbars 23.07 — 23.08)
Hemme zat size aňsat düşmez, emma şonda-da gowy tarapa öwrülişikler bolar. Käbir Esetler soňky döwürde binjalyk edýän soraglaryna jogap taparlar. Beýlekiler bolsa geljekde gerek boljak täze zatlary öwrenerler ýa-da gymmatly maslahat berjek halypalary taparlar.Resminamalar we döwlet edaralary bilen bagly meseleleriňiz hem  çalt çözüler. Emma günüň soňy emosional ýagdaýy birneme dartgynly bolar. Bu bolsa iş we şahsy gatnaşyklara täsir edip biler. Öň aňsat dil tapyşýan adamlaryňyz bilen hem düşünişmek kyn bolar. Dawalardan gaça durup bilersiňiz, ýöne göwnüňiz peselmegi mümkin. Özüňizi begendirmek üçin wagt tapyň.
Sünbüle (Gyz 24.08 — 23.09)
Aňsat üstünliklere garaşmaň. Hatda ýönekeý maksatlara ýetmek üçin hem zähmet çekmeli bolarsyňyz. Garaşylmadyk gijikmeler we ownuk kynçylyklar ýüze çykyp biler. Hyzmatdaşlar bilen düşünişmezlikler ähtimaldyr. Kömek eder diýip pikir eden  adamlaryňyz beren sözünde durman bilerler, şonuň üçin täze hyzmatdaşlar gözlemeli bolarsyňyz.Güniň ikinji ýarymy wakalar size täze ideýalary berer we nirede ýalňyşlyk goýbereniňizi görkezer. Köp Sünbüleler gymmatly tejribe toplarlar we peýdaly tanyşlyklar açarlar.
Iş gatnaşyklary wagtyň geçmegi bilen dostluga ýa-da söýgä öwrülip biler. Ýöne howlukmaň, hemme zadyň öz wagty bar. Maşgalada ownuk dawa-jenjeller bolsa-da, günüň ahyryna çenli ylalaşyk gazanylar.
Mizan (Terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün täze işler we wezipeler bilen doly bolar. Meýilnamalaryňyzy ýolda üýtgetmeli bolmagyňyz mümkin.  Köne tanyşlaryňyzdan we dostlaryňyzdan kömek soramaga çekinmäň. Olar sizi goldarlar we käbir kynçylyklaryňyzy öz üstlerine alarlar.Maliýe ýagdaýyňyzda gowulaşma bolar. Öň edilen işler üçin pul gelmegi mümkindir. Işewürlikden uzakda bolan Mizanlar hem bähbitli şertnamalary baglaşyp bilerler.
Möhüm meseleleri günüň ikinji ýarymynda maslahatlaşyň. Söhbetdeşlik birneme agyr başlasa-da, garaşanyňyzdan gowy gutarar.
Akrap (Içýan 24.10 — 22.11)
 Döredijilik talap edýän işlerde kynçylyk bolup biler, ýöne adaty gündelik işleri gowy bitirersiňiz. Käte kärdeşleriňiz bilen gürleşmek peýdaly bolar, ondan möhüm zatlary öwrenip bilersiňiz.
Günüň ortasy has gyzykly wakalara we hoş habarlara baý bolar. Peýdaly tanyşlyklar ähtimaldyr. Käbir Akraplar batyrgaý meýilnamalaryny bilelikde amala aşyrjak adamlary bilen duşuşarlar. Iş teklipleri hem gelip biler, ýöne anyk jogap bermezden öň şertleri gowy öwreniň.
Kowus (Keman 23.11 — 21.12)
Ownuk-uşak zatlar üçin binjalyk bolmaň.Bu gün ýyldyzlar sizi goldarlar şonuň üçin iň kyn meseleleri hem çözüp bilersiňiz. Esasanam ýolbaşçy Kowuslar üçin bu gün örän şowly bolar.Günüň başynda möhüm kararlar kabul etmek we uzak möhletleýin meýilnamalary düzmek gerek bolar. Bu ýerde size kömek gerek bolmaz, özbaşdak hereket etmek has netijeli bolar.Günüň ikinji ýarymy gatnaşyklar üçin amatlydyr. Köne we täze tanyşlaryňyz bilen aňsat dil tapyşarsyňyz. Käbir Kowuslar köpden bäri arzuw edýän zatlaryny amala aşyrmaga kömek etjek adamlar bilen duşuşarlar. Pul gelmegi, sowgatlar ýa-da şowly söwdalar hem bolup biler.
Jedi (Owlak 22.12 — 20.01)
Günüň başy hoş habarlar bilen begendirer. Garaşylmadyk sowgatlar we gyzykly teklipler bolup biler. Karar kabul etmekde howlukmaň, seresaply boluň we töwekgelçilikden gaça duruň. Meýilnamalary jikme-jik düzmek ukybyňyz size kömek eder. Günüň ikinji ýarymynda kärdeşleriňiz we ýolbaşçylaryňyz bilen gatnaşyklarda gowulaşma bolar. Öňki düşünişmezlikleri çözmäge mümkinçilik dörär. Kärdeşleriňize täzeçe seredip başlamagyňyz mümkin.Köne gatnaşyklary dikeltmek üçin hem amatly gündür. Öýkeleşen adamlaryňyz bilen ýaraşmak aňsat bolar. Köpden bäri görmedik tanyşlaryňyz bilen tötänleýin duşuşyklar hem bolup biler.
Daluw (Gowa 21.01 — 20.02)
Bu gün uly kynçylyklar bolmaz, emma käbir bökdençlikler ýüze çykyp biler. Esasanam başgalaryň işini gurnaýan Daluwlara kyn düşer. Siz başgalaryň goýberren ýalňyşlyklaryny düzetmeli bolarsyňyz. Bu bolsa size geljekde gerek boljak gymmatly tejribäni berer.Öňki ulanýan usullaryňyz kömek etmän biler, şonuň üçin täze çözgütleri gözlemäge we synag etmäge taýyn boluň. Emma edýän zatlaryňyzy başgalara düşündirmek kyn bolar. Sabyrly boluň, ideýalaryňyza birden baha bermezler. Günüň ikinji ýarymynda iş bilen şahsy durmuşyňyzy garyşdyrmaň. Häzirki wagtda olaryň arasyny açmak iň dogry ýoldur.
Hut (Balyk 21.02 — 20.03)
Işewürlik nukdaýnazaryndan bu gün amatly  däl. Köp Hutlara ünsüni jemlemek we işe başlamak kyn düşer. Ýöne şonda-da meýilleşdiren işleriňiziň hötdesinden gelersiňiz. Käbirleri köne hyzmatdaşlarynyň kömegi bilen has köp iş bitirmäge ýetişerler. Täze hyzmatdaşlar bilen işleşip başlamak üçin hem erbet gün däl, emma diňe öz duýgurlygyňyza ynanmaly bolarsyňyz.Karar kabul etmekde howlukmaň. Günüň ikinji ýarymynda  şahsy gatnaşyklar üçin erbet gün däl, ýöne ýakynlaryňyzyň siziň içki dünýäňizi elmydama doly duýup bilmejekdigini ýatda saklaň. Eger size goldaw gerek bolsa, muny gönümel aýdyň.

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com