SPORT

Gazagystanly Ýelena Rybakina “Australian Open” ýaryşynda ýeňiş gazandy

Gazagystanly tennisçi Ýelena Rybakina “Australian Open — 2026” ýaryşynda ýeňiş gazanyp, kuboga mynasyp boldy. Dünýäniň bäşinji raketkasy bolan gazagystanly tennisçi Ýelena Rybakina zenanlaryň arasynda ýekelikde geçirilen “Australian Open — 2026” ýaryşynda ýeňiş gazanyp, kubok bilen sylaglandy.

Final duşuşygynda Rybakina WTA reýtinginde birinji orny eýeleýän belarusly tennisçi Arina Sobolenkany ýeňmegi başardy. Duşuşyk 2 sagat 18 minut dowam etdi we 6:4, 4:6, 6:4 hasaby bilen Ribakinanyň peýdasyna tamamlandy.

Bu ýeňiş Rybakina üçin «Uly tuwulga» (Grand Slam) ýaryşlarynda gazanan ikinji kubogy boldy. Ol ilkinji uly ýeňşini 2022-nji ýylda Uimbldonda gazanypdy.

Ýaryşyň jemleri boýunça Ýelena Rybakina dünýä reýtinginde üçünji orna çykar.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem Ýelena Rybakinany gazanan bu ýeňşi bilen gutlady.

Related posts

Özbek futbolçynyň ilkinji resmi goly

Meşhur futbolçy türk toparyna tälim berer

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady