New York Times gazetindäki bir habara görä, lukmançylyk barlaglarynda eliň gysyş güýji (grip strength) adamyň umumy beden işjeňligini, güýç-kuwwatyny we özbaşdak ýaşamak ukybyny görkezýän iň möhüm görkezijileriň biri hasaplanýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, bu synag diňe bir el myşsalaryny däl, eýsem adamyň umumy saglyk ýagdaýyny hem giňden bahalandyrýar.
Amerikan Fiziki Terapiýa Assosiasiýasynyň geriatrika bölüminiň ýolbaşçysy Cathy Ciolekanyň aýtmagyna görä, adam ellerini näçe köp ulansa, onuň el güýji şonça-da ýokary bolýar. Bu bolsa gündelik durmuşda işjeňligiň, hereketliligiň we özbaşdak ýaşamak ukybynyň saklanmagyna ýardam berýär.
Synag nähili geçirilýär?
Adatça eliň gysyş güýji:
lukman ýa-da fizioterapewt tarapyndan
dinamometr atly ýörite enjam arkaly ölçelýär
Şeýle-de bolsa, bu synagy öý şertlerinde-de ýönekeý usul bilen barlap bolýar:
her eliňizde agyr zat (mysal üçin gantel) tutup
60 sekuntlap ýöremek
Bu usul hünärmenleriň arasynda “daýhan göterişi” (farmer’s carry) diýip atlandyrylýar.
Hünärmenler synagy ýeňil agramdan başlap, wagtyň geçmegi bilen has agyr agramlara geçmegi maslahat berýärler. Eger el ýa-da beden agyrysy ýüze çyksa, synagy derrew bes etmek zerurdyr.
Maslahat berilýän agramlar
Dr. Nima Afşaryň bellemegine görä, ýaşlara görä aşakdaky agramlar ugrukdyryjy ölçeg hökmünde kabul edilýär:
Erkekler üçin:
45 ýaş: her elde takmynan 27 kg
65 ýaş: her elde 18 kg
85 ýaş: her elde 11 kg
Zenanlar üçin:
45 ýaş: her elde 18 kg
65 ýaş: her elde 11 kg
85 ýaş: her elde 7 kg
Bu görkezijiler hökmany ölçeg däl, emma beden güýjüni we fiziki taýýarlygy bahalandyrmak üçin ýol görkeziji bolup hyzmat edýär.
Näme üçin bu synag möhüm?
Ylmy barlaglaryň görkezmegine görä, el güýjiniň pes bolmagy:
umumy işjeňligiň peselmegi
öý işlerini ýerine ýetirmekde kynçylyk
ýykylyş howpunyň artmagy
hatda ölüm töwekgelçiliginiň ýokarlanmagy
bilen baglanyşykly bolup biler. Alymlar el güýjüni adamyň saglygynyň “gysgaça beýany” hökmünde häsiýetlendirýärler.
Ylmy barlaglaryň netijesi
Soňky ýyllarda geçirilen ylmy barlaglar el güýjüniň pes bolan adamlarynda geljekki ýyllarda saglyk kynçylyklarynyň has köp ýüze çykýandygyny görkezdi. Şeýle adamlaryň arasynda irki ölüm töwekgelçiliginiň hem has ýokary bolup biljekdigi bellenilýär.
Şeýle-de bolsa, hünärmenler bu synaglaryň adamyň takyk haçan ölýändigini çaklap bilmeýändigini, emma onuň saglyk ýagdaýynyň haýsy ugurda barýandygyny görkezýändigini aýratyn nygtaýarlar.
Hünärmenleriň umumy maslahaty
Hünärmenleriň aýtmagyna görä:
güýç
deňagramlylyk
bedeniň umumy işjeňligi
yzygiderli ýeňil maşklar, gündelik herekete baý durmuş we el hem-de myşsa güýçlendiriji maşklar arkaly gowulandyrylyp bilner. Bu görkezijiler gowulaşdygyça, saglyk töwekgelçiligi hem azalýar.
Bellik
Bu bir saglyk maslahaty däldir we saglyk bilen baglanyşykly meseleler boýunça hökman lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň.
