Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Tükrmenistanyň Kanunyna gol çekildi. Resminama laýyklykda, bu kanun 2026-njy ýylyň 1-nji maýynda güýje girýär.
Şoňa laýyklykda,
5. Ulag serişdelerini dolandyrmaga bolan hukugyny tassyklaýan möhleti tamamlanan sürüjilik şahadatnamasy bilen ýa-da hereket edýän möhleti geçen ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk berýän wagtlaýyn rugsatnamasy bilen ulag serişdeleriniň dolandyrylmagy — binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.»;
21) 231-nji maddada:
birinji bölegiň sanksiýasynda «0,4 bölegi möçberinde» diýen sözleri «0,5 böleginden birisine çenli möçberde» diýen sözlere çalşyrmaly;
ikinji bölegiň sanksiýasynda «birisine çenli möçberde» diýen sözleri «ikisi möçberinde» diýen sözlere çalşyrmaly;
üçünji bölegiň sanksiýasynda «birisi» diýen sözi «üçüsi» diýen söze çalşyrmaly; – diýlip bellenilýär.
