PEÝDALY MASLAHAT

«Petronas»: ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar

Gyýanly obasynda işlemek üçin hünärmen (terjimeçi)

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:

Bilimi: Lingwistika boýunça ýokary bilimi bolmaly.

Iş tejribesi: Ýazmaça/dilden terjimeçi wezipesinde azyndan 2 ýyl iş tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: Iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: «MS Offiсe» programmalary bilen işlemegi başarmaly.

Zähmeti goramak, howpsuzlyk tehnikasy we daşky gurşawy goramak boýunça gözegçi

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:

Bilimi: Orta bilim hakynda şahadatnama ýa-da deň derejeli bilim hakynda resminama bolmaly.

Iş tejribesi: Desgada howpsuzlyk tehnikasy boýunça ýa-da degişli pudakda 1 ýyldan 3 ýyla çenli gözegçi wezipesinde iş tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: Iňlis, türkmen we rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: «MS Offiсe» programmalary bilen işlemekde başarnyklary bolmaly.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu bildirişiň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly adyny, familiýasyny görkezip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýoly boýunça halkara bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanda 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň temmäki önümlerini ulanmagy üçin ene-atalara jerime salnar

Türkmenistanda möhleti tamamlanan sürüjilik şahadatnamasy üçin jerimeler artdyryldy

«Türkmenpoçta» kompaniýasynyň täze binasy üçin bäsleşik yglan edildi

Aşgabat-Türkmenabat täze awtobus gatnawy ýokary tizlikli awtoýol arkaly amala aşyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy hünärmenleri işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri