SPORT

Günüň suraty: Messi-Suares-Buskets-Alba

ABŞ-nyň “Inter Maýami” topary Ispaniýanyň “Barselona” toparynda bilelikde oýnan 4 futbolçyny – Lionel Messi, Luis Suares, Serhio Buskets we Žordi Albany bir ýere jemlemegi başardy. Toparyň ýolbaşçylaryndan ozalky iňlis futbolçy Dewid Bekhem bu 4 futbolçynyň suratyny jemgyýetçilik torunda paýlaşdy we uly gyzyklanma döretdi.

Bu dört futbolçyny 2020-nji ýyldan ozal, “Barselona” toparynda tomaşa etmek mümkindi. Mundan soňra olary “Inter Maýami” toparynda görüp bolar.

ABŞ-nyň futbol çempionatynda arakesme dowam edýändigine garamazdan, janköýerler futbolçylaryň durmuşy bilen yzygiderli gyzyklanýarlar.

Täze möwsüm 21-nji fewralda başlaýar.

Ýene-de okaň

Ajun Ylyjalynyň «Hall Siti» topary Angliýanyň Premýer-ligasyna çykdy

«Bawariýa» topary 21-nji gezek Germaniýanyň kubogyny gazandy

Ukrainaly boksçy 3 guşagyny gorady

Ronaldo dünýäniň iň köp girdeji gazanýan türgeni

“Bloomberg”: Messi Ronaldodan ýarym ýyl soňra milliarder boldy

Bütindünýä welosiped güni: köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçiriler