BILIM

Türkmenistan bilen Italiýa bilim hyzmatdaşlygyny giňeldýärler

Türkmenistanyň bilim ministri J. Gurbangeldiýew Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari bilen duşuşdy.

Duşuşykda türkmen tarapy bilimiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtady.

Taraplar türkmen-italýan dialogynyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şunda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň çäklerinde Italiýanyň Aziýa instituty bilen geçirilen soňky duşuşygyň möhüm ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bu duşuşyk iki ýurduň däp bolan dostlukly gatnaşyklaryny has-da berkitdi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň italýan bilim taslamalarynyň çäginde halkara bilim maksatnamalaryna we hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşygynyň giňelýändigi bellenildi. Gysga möhletli dil we medeni ugurly okuwlary, mugallymlaryň we talyplaryň tejribe geçişleri, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ ýaly taslamalary hem-de sebitleýin başlangyçlary yzygiderli amala aşyrylýar. Bu maksada gönükdirilen işleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilip, öňdebaryjy halkara tejribesiniň milli bilim ulgamyna ornaşdyrylmagyna ýardam berýändigi nygtaldy.

Duşuşykda hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklara esaslanýan bilim hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesine, türkmen ýokary okuw mekdeplerinde italýan diliniň okadylmagyna, bilelikdäki bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine we medeni-ynsanperwer çäreleriň guralmagyna aýratyn üns berildi.

Gepleşikler taraplaryň Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda bilim we medeni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Konstruktiw pikir alyşmalaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, türkmen tarapy mart-aprel aýlarynda geçiriljek matematika boýunça halkara olimpiadalara italýan mekdep okuwçylaryny we talyplary gatnaşmaga çagyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Ykdysady taslamalar boýunça Startup bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň bilim ministri Parižde GEM 2026 hasabatynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanlylara Ýewropa ýurtlarynda magistr maksatnamasy üçin okamak mümkinçiligi