DÜNÝÄ

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Günorta we Merkezi Aziya boýunça Yörite wekili Serjio Gor Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Duşuşykda sebitleýin durnuklylyk hem-de ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça mazmunly gürrüňdeşlik geçirildi. Amerikanyň Birleşen Ştatlary diplomatik hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär.

Şeýle hem ilçihananyň habar bermegine görä, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň hem-de amerikan we türkmen işewürleriniň gatnaşmagynda
resmi kabul edişlik gurnady.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistan bilen howpsuzlygy berkitmäge we abadançylygy ýokarlandyrmaga ýardam edýän ugurlarda ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygyny beýan edýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Azerbaýjan Prezidentiň tabşyrygy esasynda Eýrana ynsanperwer kömegini iberdi

Belgiýanyň döwlet ministri Şarl Mişel bilen Türkmenistanyň Ilçihanasyndaky duşuşyk

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler