SPORT

FIFA-nyň hünärmenleri Aşgabatda okuw-maslahatlaryny geçirýärler

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ýurdumyzda futboly ýokary derejelere çykarmak maksady bilen FIFA hem-de Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli alyp barýar. Bu ugurda amala aşyrylýan işleriň netijesinde FIFA we AFK-nyň hünärmenleri ýurdumyzda futboluň dürli ugurlary boýunça okuw-maslahatlaryny geçirýärler.

Şu gezek hem höwesjeň futbol gurşawynyň seljermesini geçirmek maksady bilen FIFA-nyň höwesjeň futbol boýunça hünärmeni, gruziýaly Gaioz Darsadze hem-de FIFA-nyň hünärmeni, litwaly Raimondas Statkewiçius Türkmenistana geldiler. Bu sapar ýurdumyzda futboly ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasy boldy.

20-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky «Köpetdag» stadionynyň çägindäki futbol meýdanynda ýaş futbolçylaryň, şeýle hem Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň futbol meýdanynda zenan futbolçylaryň gatnaşmagynda türgenleşikler geçirildi. Türgenleşikleriň dowamynda FIFA-nyň wekilleri Gaioz Darsadze we Raimondas Statkewiçius futbol oýnunda ýüze çykýan dürli pursatlar boýunça seljerme işlerini alyp bardylar we usuly maslahatlaryny berdiler.

20–24-nji ýanwar aralygynda dowam etjek okuw-maslahatlarynyň çäginde birnäçe iş-maslahatlarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Related posts

2027-nji ýylda 4-nji Ýewropa oýunlary Stambulda geçiriler

Basketbol çempionaty hem ýatyryldy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Salah “Liwerpuldan” gidýär