BILIM

“Times Higher Education”: dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň reýtingi-2026

“Times Higher Education” guramasy tarapyndan taýýarlanan 2026-njy ýyl boýunça Dünýä Uniwersitetleriniň Reýtingi çap edildi. Talyp­lar, alymlar, döwlet edaralary we senagat hünärmenleri tarapyndan dünýä derejesinde ygtybarly hasaplanýan bu sanaw dünýäniň iň gowy uniwersitetlerini öz içine alýar. Reýtinge 115 ýurt we sebitden 2 191 ýokary okuw mekdebi girizildi.

Uniwersitet reýtingi 2026: esasy ugurlar

Oksford uniwersiteti güýçli ylmy-barlag gurşawy boýunça alan ýokary bahalarynyň netijesinde, 10 ýyl bäri yzygiderli birinji orny saklap galýar.
Prinston uniwersiteti üçünji orna ýokarlandy we şu ýyl ABŞ-dan iň gowy netijäni gazanan ýeke-täk uniwersitet boldy.
Hytaý iň gowy 40 uniwersitetiň hatarynda bäş okuw mekdebine eýe bolup, geçen ýylky netijesini ýokarlandyrdy, öňdebaryjy uniwersitetleri durnuklylygyny saklaýar.
Gonkong okatmagyň kämilleşdirilmegi netijesinde ilkinji 200-lükde rekord derejede alty orun eýeledi.
Hindistan ilkinji gezek reýtinge girizilen uniwersitetleriň sany boýunça ABŞ-dan soň ikinji orna çykdy.

Şeýle hem sanawyň ilkinji onlugynda Beýik Britaniýadan 3, ABŞ-dan 7 ýokary okuw mekdebini bar.

DÜNÝÄNIŇ ÖŇDEBAYRJY 10 UNIWERSITETI

1- OKSFORD UNIWERSITETI – BEÝIK BRITANIÝA

2- MASSAÇUSETS TEHNOLOGIÝA INSTITUTY – ABŞ

3-PRINSTON UNIWERSITETI – ABŞ

4- KEMBRIJ UNIWERSITETI – BEÝIK BRITANIÝA

5-GARWARD UNIWERSITETI – ABŞ

6-STANFORD UNIWERSITETI – ABŞ

7-KALIFORNIÝA TEHNOLOGIÝA INSTITUTY-ABŞ

8-LONDONYŇ IMPERIAL KOLLEŽI-BEÝIK BRITANIÝA

9-KALIFORNIÝA UNIWERSITETI BERKELEÝ – ABŞ

10-ÝALE UNIWERSITETI – ABŞ

Bilşiňiz ýaly, THE tarapyndan çap edilýän bu reýting ýokary bilim ulgamynda halkara derejede iň abraýly sanawlaryň biri hasaplanýar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem her ýyl “Dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň kesgitleýän sanawyny” kabul edende THE guramasynyň reýtingini nazara alýar.

“Times Higher Education” dünýä uniwersitetiniň reýtingi Ýokary okuw mekdepleriniň netijeliligini dünýä derejesinde bahalandyrýan öňdebaryjy reýtingleriň biri bolup, ol okuw, ylmy-barlag we halkara hyzmatdaşlyk ýaly ugurlary öz içine alýar.

Mahabat:

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkiýäniň halkara abraýly uniwersitetleri : THE 2026 sanawy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazak milli mugallymçylyk uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň arasynda iň gowy sekizlige saýlandy

Türkmenistan-Katar: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Halkara olimpiadada medal gazanan okuwçylar sylaglandy

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty okuwa çagyrýar