DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Syýasy-diplomatik gepleşikleri we hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny giňeltmäge gyzyklanma bildirildi. Şu nukdaýnazardan, taraplar ýylyň dowamynda iň ýokary we ýokary derejeli duşuşyklary we saparlary gurnamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky ulag ulgamy boýunça gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar hünär bilimi ugrundaky hyzmatdaşlygy berkitmäge hem aýratyn üns berdiler.

Related posts

2019-njy Ýewropanyň taryhynda iň maýyl ýyl boldy

vepa

Ronaldo we Dibala Türkiýä öz kömek goluny uzatdy

Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasy Aşgabatda wekilhanasyny açdy