UEFA-nyň Çempionlar ligasynda topar tapgyrynyň VII tapgyry geçirildi. Ýaryşyň ilkinji gününde 9 oýun geçirildi.
Günüň esasy gyzyklanmasy Italiýada bolan duşuşyk boldy. Bu ýerde «Inter» angliýaly «Arsenal» toparyny kabul etdi. Oýun myhmanlaryň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýle hem ýaryşda garaşylmadyk netijeler hem boldy.
Angliýanyň “Mançester Siti” topary Norwegiýanyň “Bude Glimt” toparyndan 3:1 hasabynda utulan bolsa, geçen ýylyň çempiony “PSŽ” topary myhmançylykda “Sporting” toparyndan 2:1 hasabynda utuldy.
Mundan başga-da, UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň kubogyny iň köp gazanan “Real Madrid” topary öz meýdançasynda Fransiýanyň “Monako” toparyny 6:1 hasabynda uly hasap bilen ýeňmegi başardy.
UEFA Çempionlar ligasynyň VII tapgyrynyň oýunlarynyň netijeleri:
19:30 – «Kaýrat» (Gazagystan) – «Brýugge» (Belgiýa) – 1:4
21:45 – «Bude-Glimt» (Norwegiýa) – «Mançester Siti» (Angliýa) – 3:1
00:00 – «Kopenhagen» (Daniýa) – «Napoli» (Italiýa) – 1:1
00:00 – «Inter» (Italiýa) – «Arsenal» (Angliýa) – 1:3
00:00 – «Olimpiakos» (Gresiýa) – «Baýer 04» (Germaniýa) – 2:0
00:00 – «Real» (Ispaniýa) – «Monako» (Fransiýa) – 6:1
00:00 – «Sporting» (Portugaliýa) – PSŽ (Fransiýa) – 2:1
00:00 – «Tottenhem» (Angliýa) – «Borussiýa» (Dortmund, Germaniýa) – 2:0
00:00 – «Wilýarreal» (Ispaniýa) – «Aýaks» (Niderlandlar) – 1:2
