SPORT

Maradonanyň dünýädäki iň uly suraty

Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýres şäherinde ady rowaýata öwrülen futbolçy Diego Maradonanyň dünýädäki ägirt uly portret suraty peýda boldy. Marton Rona atly hudožnigiň işi 14 gatly binany bezäp otyr.

Suratyň meýdany 1600 inedördül metr bolup, 1990-njy ýyldaky dünýä çempionatynda Argentina bilen Germaniýanyň arasynda geçirilen duşuşykda Maradonanyň düşürilen suratynyň esasynda taýýarlandy.

Suratkeşe bu suraty çekmegi üçin 7 sany adma kömek etdi. Onuň üçin 800 litr boýag ulanyldy we munuň üçin 25 gün gerek boldy. Bu Diego Maradonanyň dünýädäki iň uly suratydyr. Onuň beýikligi 45 metrdir.

Maradona 2020-nji ýylyň ahyrynda 60 ýaşynda aradan çykdy. Futbolçy Argentinanyň milli nyşany hasaplanýar.

Related posts

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Gwardiola uly ynam bildirilýär

Ata Watan Eserleri

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Leave a Comment