JEMGYÝET

Türkmenistan “Rona” atly eýran ýük gämisini halas etdi

Türkmenistanyň Hazar deňzindäki kenar gulluklary betbagtçylyga uçraýan “Rona” atly eýran ýük gämisinden SOS signalyny aldylar.

Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak bilen bagly döwlet edaralary tarapyndan deňiz gatnawynyň düzgünlerini kadalaşdyrýan halkara kadalara laýyklykda gämidäki adamlary halas etmek boýunça ähli zerur çäreler görüldi.

Wagtynda geçirilen işleriň netijesinde gämide bolan 14 adamyň ählisi halas edildi. Deslapky maglumatlara laýyklykda, olar Eýranyň we Hindistanyň raýatlarydyr.

Häzirki wagtda türkmen tarapy halkara kadalarda göz öňünde tutulan degişli çäreleri geçirýär.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy

2026-njy ýylyň 14-nji ýanwary

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi