Dünýä futbolynyň ýyldyzy Lionel Messi Hindistan boýunça saparyny başlady. Ol saparynyň dowamynda ýurduň birnäçe şäherine baryp görmegi meýilleşdirýär. Olaryň birinjisi Kalkutta boldy, şol ýerde futbolçynyň 20 metrlik ýadygärligi açyldy.
Messiniň howpsuzlygy üçin, futbol ýyldyzynyň öz hormatyna dikilen ýadygärligi onlaýn görnüşinde açmagy karar edildi. Dabarada Leo şeýle ykrar edilişi üçin minnetdar bolandygyny we Hindistandaky muşdaklarynyň sanyna haýran galandygyny aýtdy. Dabaradan soň, Messi muşdaklary bilen duşuşmak üçin ýerli stadiona bardy.
«Solt-Leýk» stadiony muşdaklardan doldy. Argentinalyny görmek isleýänler üçin çäräniň bileti ortaça 110 dollara satyldy.
