JEMGYÝET

Gruziýanyň Premýer-ministri: türkmen gazyny üstaşyr geçirmäge taýýardyrys

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze logistikanyň ösüşini we TransHazar ulag gecelgesiniň (TKMU ýa-da Orta Koridor) geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu barada “Sputnik-Gruziýa” habar gullugy habar berýär. Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirdiler, üstaşyr-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga aýratyn üns berdiler.

Merkezi Aziýadan Gruziýanyň deňiz portlaryna Orta koridor arkaly goşmaça ýükleri çekmek mümkinçiligi aýratyn bellenildi.

Kobahidze şeýle hem, Gruziýanyň türkmen gazyny öz çäginden üstaşyr geçirmäge goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Mundan başga-da, Gruziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini Gruziýa resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Related posts

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Hindistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Özbegistan Prezidenti Türkmenistandaky foruma ýokary baha berdi

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi resmi wezipesine başlady