Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda iş saparynda bolýan Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadowy kabul etdi. Bu barada Azerbaýjanyň Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugy habar berýär.
Ali Asadow Türkmenistanyň Prezidentine Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň hoşniýetli gutlaglary we arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Azerbaýjan döwletiniň Baştutanyna mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.
Duşuşykda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ýokary derejeli syýasy gatnaşyklaryň bardygy nygtaldy, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara bähbitli ugurlaryny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
