SIZDEN GELENLER

Bitaraplyk-beýik başlangyçlara badalga

Şu günler Birleşen Millet Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň 30 ýyllyk taryhy senesiniň dürli derejeli çäreleri biri-birine ulaşýar. Çuň many-mazmuny bilen täsir galdyrýan çäreler halkymyzyň ähli üstünliklerimiziň berk binýady bolup hyzmat edýän baky Bitaraplygymyza bolan çäksiz söýgi-buýsanjynyň mynasyp beýanyna öwrülýär.

Parahatçylyksöýüjilik, birek-birege hormat, dostluk we ynsanperwerlik asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerimizdir. Bu asylly ýörelgeleriň döwlet syýasatymyzda hem aýratyn orun almagy ýurdumyzyň halkara abraýyny belende galdyryp, halklaryň arasynda dostluk köprülerini gurmaga ýardam edýär. Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen yzygiderli ýola goýýan halkara gatnaşyklarynyň gözbaşynda bolsa türkmen Bitaraplygy durýar.

Garaşsyz Türkmenistan BMG-niň agzasy bolmak bilen, bu halkara gurama tarapyndan dünýäde ilkinji ykrar edilen Bitarap ýurt hökmünde öz hukuk ýagdaýyna uly jogapkärçilik bilen garaýar. Halkymyzyň Halkara Bitaraplyk gününi, bu halkara hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyny giňden belläp geçmäge taýýarlyk görýän günlerinde, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan gaýtadan kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny goldaýandygyny we ykrar edýändigini görkezdi.

Bitaraplyk parahatçylygy goramagyň we özara düşünişmegiň, Ýer ýüzünde ýüze çykýan ähli meseleleri parahatçylykly, syýasy-diplomatik usullar arkaly çözmegiň netijeli guraly hökmünde barha uly ähmiýete eýe bolýar. Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ýörelgeleri halkara syýasatyň esasy şertlerine öwrülýär, şonuň üçin türkmen Bitaraplygynyň ähmiýetiniň giňden wagyz edilmegi uly many-nazmuna eýedir. Şu mynasybetli bu ýyl giň gerimli dabaralar geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipeleri bilen baglylykda, ýylyň başyndan bäri bu şanly senä bagyşlanyp, ýurdumyzda medeni-köpçülikleýin çäreler, okuw maslahatlary, aýdym-sazly dabaralar, sport çäreleri geçirilýär.

Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80  ýyllygy bilen gabat gelmeginde uly many bar. BMG dünýäde iň abraýly halkara gurama bolmak bilen, döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň durmuşa geçirilmeginde strategik hyzmatdaşdyr. Hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolup, halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan Türkmenistan halklaryň özara ynanyşmagyny gazanmakda, ösüş arkaly parahatçylygy wagyz etmekde we beýleki ählumumy meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda möhüm işleri bitirýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň dünýäniň 150-den gowrak döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy, halkara guramalaryň 50-den gowragynyň agzasy bolmagy işjeň halkara hyzmatdaşlygyň aýdyň beýanydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň we beýleki halkara düzümleriň durmuşa geçirýän maksatnamalaryna, meýilnamalaryna we taslamalaryna işjeň gatnaşýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan BMG-niň iň ynamdar hyzmatdaşy hökmünde ykrar edilýär, uly abraýdan peýdalanýar. Bagtyýarlygyň we berkararlygyň ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyz Merkezi Aziýa sebitinde ylalaşdyryjy merkez bolup çykyş edýär, şeýle-de dünýä döwletleriniň arasynda birek-birege hormat goýmagy, ynanyşmagy, özara düşünişmegi giňden wagyz edýär, parahatçylygyň tarapdary bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynyň plenar mejlisinde hormatly Prezidentimiziň halklaryň arasyndaky parahatçylygy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen, Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek, halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp taýýarlamak, şonuň esasynda halklaryň arasyndaky özara ylalaşmak, hormat goýmak, dünýä meselelerini bilelikde çözmek, hyzmatdaşlygy berkitmek ýaly ýörelgelerini dowam etdirmek boýunça teklipleri öňe sürmegi biziň ynsanperwerlige daýanýan oňyn syýasatymyzyň jahan içre dabaralanýandygyny görkezdi.

Türkmenistanyň Bitaraplygy taryhy geçmişden gözbaş alýar hem-de türkmeniň parahatçylyk söýüjilik, myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, özara düşünişmek, ylalaşyklylyk ýaly milli aýratynlyklaryna daýanýar. Bularyň ählisi biziň günlerimize çenli saklanyp galan däp-dessurlarymyzda, halkymyzyň we döwletimiziň dünýägaraýyş babatdaky gymmatlyklarynyň häzirki zaman ulgamynda, olaryň esasynda duran ýurdumyzyň ösüşiniň kanunçylyk üpjünçiliginde öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde uly goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň halkara syýasy giňişligindäki iň möhüm üstünlikleriniň biri bolsa, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Aşgabat şäheriniň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hökmünde saýlanyp alynmagydyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ýanynda Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Häzirki wagtda bu topara birnäçe döwletler agza bolup durýar. Türkmenistan döwletimiz sebit we sebitara hyzmatdaşlykda umumadamzat ähmiýetli meselelere ünsi güýçlendirmek bilen, islendik meseläniň parahatçylyk, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Mähriban halkymyzy ösüşleriň we parahatçylygyň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, işleri rowaç bolsun!

Begençmyrat Ataýew,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Bitaraplyk – türkmeniň buýsançly ýoly

Hemişelik Bitaraplyk — baky bagtyýarlyk

Bitaraplyk – beýik bagt

Türkmen Bitaraplygy – abadançylygyň kepili

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy – ösüşiň binýady

He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk — parahatçylygyň binýady

Ata Watan Eserleri