Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat we goldawlary bilen surata düşürilen «Kompozitor» çeper filmi Russiýada ilkinji gezek geçirilen «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy.
«Göwher kebelek» atly Açyk Ýewraziýa kino baýragy meşhur rus režissýory Nikita Mihalkowyň başlangyjy bilen döredilip, oňa Russiýanyň döwlet ýolbaşçylary uly goldaw berdi.
Şeýlelikde, «Göwher kebelek» kino baýragynyň gowşurylyş dabarasy 27-nji noýabrda Nikita Mihalkowyň «12» ussahanasynda geçirildi. Baýraklaryň çarçuwasynda dünýä kinematografiýasyna goşandy üçin diýen baýragy-da goşmak bilen, on iki baýrak gowşuryldy. Ýeňijiler bilermenler geňeşiniň ses bermegi arkaly kesgitlendi.
Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministri Olga Lýubimowa ilkinji Ýewraziýa kino baýragy bolan «Göwher kelebek» baýragynyň ýeňijilerini sylaglady.

Türkmenistan döwletimiz üçin esasy üstünlik bolsa «Kompozitor» filminiň “Iň gowy suratkeş” ugru boýunça baýraga mynasyp bolmagy bilen tapawutlandy. Bu dabaraly çärede filmiň suratkeşi Meýlis Hudaýberenow degişli baragy aldy. Bu üstünlik türkmen kinorežissýorlarynyň ussatlyk derejesiniň ýokarydygyny we olaryň ýewraziýa medeni giňişliginiň ösdürilmegine goşýan goşandyny görkezýär.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin hem öz gezeginde bu baýramçylyk dabarasynyň myhmanlaryna gutlag hatyny iberdi. Dabarada Wladimir Putiniň gutlag hatyny kömekçisi Wladimir Medinskiý okady.
Bäsleşige dürli ýurtlardan: Russiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Serbiýadan, Wenesueladan, Kubadan, Senegaldan, Günorta Afrikadan, Pakistandan, Belarusdan, Indoneziýadan, Wýetnamdan, Eýrandan we beýleki ýurtlardan jemi 34 film gatnaşdy.
Şonuň netijesinde:
- Iň gowy film: Hytaýly režissýor Sýuý Çženiň “Akymyň garşysyna” filmi
- Iň gowy režissýor: serbiýaly Goran Radowanowiç
- Iň gowy erkek keşp: Aleksandr Adabaşýan
- Iň gowy aktrisa: Swetlana Krýuçkowa
- Iň gowy ikinji derejeli aktýor: Anwar Kartaýew (Özbegistan)
- Iň gowy ikinji derejeli aktrisi: Sone Huseýn
- Iň gowy operator: Talant Akynbekow (Gyrgyzystan)
- Iň gowy ssenariý: Kerol Şor (Günorta Afrika Respublikasy)
- Iň gowy kompozitor: Ýuriý Poteenko (Belarus)
- Ýewraziýa giňişligine girmeýän ýurtlar boýunça iň gowy film: “Ali Primera” (Wenesuela)
- Dünýä kinematografiýasyna goşan goşandy üçin: režissýor Majid Majidi (Eýran).
