BIZNES

Türkmenistan Stambulda “Halal Expo 2025” sergisine gatnaşdy

Türkiýäniň Stambul şäherinde “Halal Expo 2025” atly halkara sergisi geçirildi. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan halal önümlerini hödürleýän öndürijileri, telekeçileri we maýa goýujylary birleşdirýän bu çäre giň gerimli işewür meýdança bolup çykyş edýär.

Sergä Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşyp, ýurdumyzyň halal önümlerini, söwda-ykdysady ulgam boýunça gazanan üstünliklerini tanyşdyrýan maglumatlary we sergi önümlerini görkezdiler.

Bu çäräniň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen duşuşyklara, işewür çärelere gatnaşmak, şeýle-de halkara bazarlarynda täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

 Serginiň dowamynda gatnaşyjylar täze taslamalar bilen tanyşmaga, tejribe alyşmaga hem-de köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge mümkinçilik aldylar.

Ýene-de okaň

Türkmen işewürleri Londonda iş saparynda bolarlar

Ministr: häzirki ýagdaýlar-täze energiýa ugurlaryny kemala getirmek üçin pursatdyr

Baýramalydaky dokma toplumynda ýüň ýüplügini öndürmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda oba hojalyk öndürijilerine maliýe goldawy berler

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler