ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynyň dünýä belli hüjümçisi Kristiano Ronaldo bilen duşuşdy. Kristiano Ronaldo Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saudyň hormatyna guralan agşamlyk nahary üçin Ak Tama çagyryldy.
Şeýle hem Ak Tamyň “X” (ozalky Twitter) jemgyýetçilik torunda Tramp bilen Ronaldonyň duşuşygy boýunça wideoşekiller ýaýradyldy. Ak Tamyň koridorynda bilelikde ýöräp barýan Tramp we Ronaldo, şeýle hem Ronaldonyň maşgalasy Jorjinýonyň wideosy jemgyýetçilik torunda ýerleşdirilip, ol ýerde “CR7 x 45/47” ýazgysy ýerleşdirilipdir.
“CR7” – Kristiano Ronaldonyň adynyň we familiýasynyň ilkinji harplary we onuň meşhur “7” belgili futbol köýnekçesini aäladýar.
“45/47” – ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýurduň 45-nji Prezidenti bolandygyny we 47-nji Prezidenti bolup durýandygyny aňladýär.
Şeýle hem Ronaldo özüniň “Instagram” jemgyýetçilik torunda ABŞ-nyň Prezidentine çakylygy hem-de mährili kabul edendigini üçin minnetdarlyk bildirdi.

– Jenap Prezident we Birinji Hanym maňa we meniň geljekki maşgalam Jorjinýo örän gowy myhmansöýerlik görkezdiňiz. Biziň her birimiz we men täze nesilleriň edermenlik, jogapkärçilik we hemişelik parahatçylyk esasynda geljegi gurmagy üçin ruhlandyrmaga taýýardyryn – diýip, Ronaldo belledi.
40 ýaşyndaky Ronaldo 5 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy, Ýewropanyň çempiony, Milletler ligasynyň kubogyny 2 gezek gazandy, milli ýygyndylaryň, Ýewropa çempionatlarynyň, Çempionlar ligasynyň iň köp gol geçiren futbolçysydyr.
Ol 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri “Al-Nasr” saud toparynda çykyş edýär. Şondan ozal, ol “Mançester Ýunaýted”, “Real Madrid”, “Ýuwentus”, “Sporting” ýaly toparlarda oýnady.
Geljek ýyl ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionaty Ronaldonyň karýerasyndaky soňky dünýä çempionaty bolar.
