SPORT

Todd Bouli “Çelsini” satyn aldy

Amerikaly milliarder Todd Bouli Beýik Britaniýanyň London şäheriniň “Çelsi” futbol toparyny satyn almak hakynda şertnama baglaşdy.  bu topar ozal, rus milliarder Roman Abramowiçe degişlidi. Täze geleşigiň bahasy takmynan 5 milliard dollara deň bolar.

“The Telegraph” neşiriniň habaryna görä, bu geleşik Beýik Britaniýanyň hökümeti we Angliýanyň “Premýer liga” ýolbaşçylary tarapyndan tassyklanmalydyr.

Todd Bouli ABŞ-nyň özünde “Los-Anjeles Leýkers” basketbol toparynda we “Los-Anjeles Dodžers” beýsbol toparynda paýnamalary bar.

Ol şu ýylyň 9-njy martynda “Çelsi” toparyny satyn almagy mälim edipdi.

 

 

Futbol duşuşyklary 90 minutdan 60 minuta çenli azaldylar

 

Related posts

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysyna täze tälimçi bellendi

Türkmen türgeniniň täze rekordy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan geljegi uly boks ýurdy