TEHNOLOGIÝA

“Apple-1” satuwa çykarylar

“Apple-1”-iň ilkinji nusgalarynyň biri auksionda satylar. Bu kompýuter, Stiw Jobs we Stiw Wozniak tarapyndan döredilen ilkinji “Apple” önümi boldy. “MacRumors” portalyna görä, lot üçin başlangyç teklip 250000 dollardan ybarat bolar.

“Apple-1” modelleri seýrek bolany sebäpli ýokary bahadan satylýar. Bu nusgada Stiw Jobs tarapyndan gol çekilen seriýa belgisi bar.

“Apple” -iň ilkinji işgärlerinden biri Daniel Kottke kompýuteriň iş ýagdaýyndadygyny tassyklady. Elektrik üpjünçiligi, monitor, klawiatura we beýleki komponentler hem berler. Şeýle hem, alyjy “Apple” -iň esaslandyryjylary Stiw Wozniak we Ronald Ueýn tarapyndan gol çekilen asyl gollanmanyň göçürmesini alar.

 

Todd Bouli “Çelsini” satyn aldy

Related posts

Türki döwletleri bilelikde kosmosa emeli hemra ibererler

Russiýa Federasiýasy ilkinji indoneziýaly kosmonawtyň uçuşyny guramaga taýýar

Köpleriň isleg bildirilen kosmos gämisi tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri