BIZNES

Tramp: ABŞ-a goýlan maýa goýumlary 20 trln dollardan geçer

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 2025-nji ýylyň ahyryna çenli 20 trillion dollardan gowrak maýa goýumlaryny çekip biler.

Donald Tramp bu barada Ak tamda žurnalistleriň soraglaryna jogap berende belläp geçdi.

“Ýurdumyza dokuz aýyň dowamynda 17 trillion dollardan köp maýa goýdular, – diýip Tramp aýtdy. – Häzir bu görkeziji diýen ýaly 18 trillion dollara ýetdi. Ýylyň ahyryna çenli bolsa ýurdumyza takmynan 20–21 trillion dollar möçberinde maýa goýlar”.

“Bu hiç haçan hem haýsy-da bolsa bir ýurda goýlan maýa goýumlardan 10 esse köp. Muňa esasan salgyt paçlarynyň tasir edýändigini hem belläp bileris”, – diýip Amerikan lideri belledi.

Related posts

Türkmenistan Gazagystandaky “Ulag we logistika” halkara sergisine gatnaşýar

Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň düýbi tutuldy

“iPhone SE” smartfony tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri