BIZNES

Mary-Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi ulanmaga berildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň düýbüniň tutulmagy hem-de ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Şol dabaralaryň çäklerinde Mary-Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi ulanmaga berildi

Halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasynyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisi 2021-nji ýylda işe girizildi.

Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň gurluşygyny 2024-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Balkan — Daşoguz we Mary — Ahal ugurlarynyň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzda halkalaýyn energoulgam emele geler.

Umuman, Türkmenistanda bitewi energiýa halkasynyň döredilmegi Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň energetika ulgamlarynyň arasyndaky özara ätiýaçlandyryşa mümkinçilik berer.

Elektrik energetika pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Uly möçberli maýa goýumlar goýlup, iri taslamalar amala aşyrylýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda jemi kuwwaty 7000 megawata deň bolan 12 sany elektrik stansiýasy işleýär. Şolaryň 8-si Garaşsyzlyk ýyllarynda, has takygy, 2013 — 2021-nji ýyllarda gurlup ulanmaga berildi.

Ýene-de okaň

Hytaý kompaniýalary Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge gyzyklanýar

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy köptaraply ösüşiň täze derejesine çykýar

Türkmen işewürleri Londonda iş saparynda bolarlar

Ministr: häzirki ýagdaýlar-täze energiýa ugurlaryny kemala getirmek üçin pursatdyr

Baýramalydaky dokma toplumynda ýüň ýüplügini öndürmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda oba hojalyk öndürijilerine maliýe goldawy berler