SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Abu-Dabi şäherine uçar gatnawlary başlaýar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy dünýäniň birnäçe ýurdunyň iri şäherlerine yzygiderli uçar gatnawlaryny amala aşyrýar. Şol şäherleriň hataryna Birleşen Arab Emirliginiň Abu-Dabi şäheri hem goşuldy. Bu barada “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Bu barada hususan-da şeýle diýilýär:

– «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdalar jemgyýeti 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 17-sinden başlap, Birleşen Arab Emirliginiň Abu-Dabi şäheriniň halkara howa menziline ýolagçy howa gatnawlaryny ýerine ýetirip başlaýandygy barada Size habar berýäris.

Häzirki wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasy dünýäniň birnäçe ýurdunyň iri şäherlerine yzygiderli uçar gatnawlaryny amala aşyrýar. Şol şäherleriň arasynda London, Stambul, Deli, Pekin, Dubaý, Frankfurt, Kazan ýaly şäherler bar.

Related posts

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: bilet satuwy boýunça daşary ýurtdaky edaralary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistandan Russiýa ýörite uçar gatnawy

Ata Watan Eserleri

Bütindünýä şokolad güni: şokolad barada…