SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Merkezi Aziýanyň iň iri dag-lyža şypahanasy gurlar

Fransiýanyň “S3V” kompaniýasy Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Kul dag-lyža şypahana toplumynyň taslamasyny işläp düzdi.

Kompaniýanyň direktory Paskal de Týersan bu taslamany ýurduň Prezidenti Sadyr Žaparowa hödürledi. Onuň bellemegine görä, “Üç depe” klasteri Merkezi Aziýanyň iň iri dag-lyža şypahanasyna öwrüler.

Taslamanyň çäklerinde Yssyk-Kul welaýatyndaky 3 dag depesinde: Žyrgalan, Ak-Bulak we Boz-Uçuk depelerini gurşap alan şypahana toplumy gurlar. Bu ýerlerde umumy uzynlygy 200 kilometre barabar bolan dag-lyža ýodalary gurlar.

Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen 4.8 müň täze iş orny dörär. Bu şypahana ýylyň 10 aýynda hereket eder we 850 müň syýahatçyny kabul etmek mümkinçiligine eýe bolar.

Şypahana toplumynyň birinji tapgyrynda 60 kilometr uzynlygynda da-lyža ýodalary çekiler we 6 sany urganly ýol gurlar.

2026-njy ýylyň ahyrynda tamamlanmagy meýilleşdirilen bu taslama üçin 165 million ýewro möçberinde maýa goýumlar çekiler.

Syýahatçylaryň amatly dynç almagy üçin toplumlaýyn infrastruktura döredilip, onda myhmanhanalar, restoranlar, şäherçeler we beýleki dynç alyş desgalary gurlar.

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow dag-lyža klasterini durmuşa geçirmegiň wajypdygyny belläp, bu taslamany has içgin öwrenmek babatda degişli ýolbaşçylara tabşyryklar berdi.

Ýene-de okaň

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy